Ï Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat

view-icon 118

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkymyzyň öz milli mirasyna, öňden gelýän ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlydygyna, türkmen döwletliliginiň esasynda goýlan, kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk häkimiýetliliginiň demokratik däplerine üns çekilýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze taryhy eýýamda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli, oňyn özgertmeler jemgyýetimizi jebisleşdirip, adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem häzirki wagtda milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň maýynda we iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli wakalar bolandygyny bellediler. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamasynyň ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine uly goşant goşýandygyna üns çekdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär, bu bolsa her bir şahsyýetiň beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Häzirki ylmy-amaly maslahat türkmen döwletliliginiň binýatlyk ýörelgelerini, Watanymyzyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy baradaky meseleleri, milli demokratiýanyň ösüş ugurlaryny maslahatlaşmak, Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli we ynsanperwer syýasatynyň wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Foruma gatnaşyjylar hukugyň we onuň amala aşyrylmagynyň döwletiň ösüşi bilen pugta baglanyşyklydygyny nygtadylar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli kanunçylyk binýady kemala geldi, onuň esasynda şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak üçin jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara gatnaşyklary ulgamynda ýurdumyzyň milli bähbitlerini üpjün etmek ugurlary goýlandyr.

Munuň şeýledigine, degişlilikde, 2026-njy we 2023-nji ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” we “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” şaýatlyk edýär. Bu möhüm resminamalar BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde hukuk goraýyş işlerini toplumlaýyn durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Forumyň dowamynda halkara hünärmenleriň we alymlaryň çykyşlary bilen bir hatarda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň — Adalatçynyň çykyşy diňlenildi. Onda adam hukuklarynyň kanunçylyk kepilliklerine hem-de milli tejribe bilen halkara ýörelgeleriň sazlaşygyna aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn ylmy-barlag işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleriň üpjün edilendigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, çykyşlarda hukuk terbiýesiniň we hukuk medeniýetiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň orny bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolmak bilen, ägirt uly mümkinçilige eýedir. Esasy Kanun döwletiň we jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurduň depginli syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilendir. Konstitusion ýörelgelere häzirki zaman hukuk döwletiniň, onuň institutlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we her bir raýatyň işinde wajyp orun berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen forum döwletlilik, milli hukuk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek boýunça möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.