Ï Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrýan bioserişde işlenip düzüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrýan bioserişde işlenip düzüldi

view-icon 11
Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrýan bioserişde işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, habarçy-agza, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň ýolbaşçylygynda hem-de biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň gatnaşmagynda täze nesil bioserişdesi işlenip düzüldi. Täze önüm metanyň toprak örtügindäki zyňyndylaryny netijeli zyýansyzlandyrmaga ukyplydyr.

Ýerli alymlaryň taýýarlan bioserişdesiniň esasynda tebigy mehanizmler ýatyr. Alymlar sebitiň howa şertlerine uýgunlaşan ýerli (aborigen) metany okisleýji bakteriýalaryň ştammlaryny peýdalandylar. Bu bakteriýalaryň düzümindäki metanmonooksigenaza fermenti metany tebigy taýdan howpsuz bolan kömürturşy gazyna we suwa öwürýär. Amaly taýdan ulanmagy ýeňilleşdirmek maksady bilen, janly mikroblar ýerli we elýeterli serişdeler bilen birleşdirilip, olara gorag mikrogurşawy döredildi.

Metan zyňyndylary howanyň ählumumy ýylamagynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Onuň atmosferadaky gysga möhletli täsiri kömürturşy gazynyň täsirinden onlarça esse ýokarydyr. Bu gazyň aşa köp toplanmagy tebigy ekoulgamlara täsir ýetirip, adam saglygy üçin hem gönüden-göni ýaramaz täsir edýär.

Täze işläp taýýarlamanyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda senagat taýdan ýüklenen zolaklarda metany ýerli derejede zyýansyzlandyrmakdaky ýokary netijelilik, tygşytlylyk we ýerli çig malyň ulanylmagy netijesinde daşary ýurt önümlerine garaşlylygyň aradan aýrylmagy görkezilýär. Şeýle hem bioserişdäniň ekologiýa taýdan howpsuzdygy, adamlar, haýwanlar we daşky gurşaw üçin zäherli däldigi bellenilýär.

Türkmen alymlarynyň bu işläp taýýarlamasy ýurduň ekologik strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm amaly ädimleriň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulmak bilen, energetika pudagynda daşky gurşawa gözegçilik etmegiň öňdebaryjy standartlaryny işjeň ornaşdyrýar.