Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky maslahaty boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň derejesindäki duşuşygyň dowamynda häzirki zamanyň möhüm meseleleri, bilim ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň derejesi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň özleşdirilmegini we bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň bilim syýasatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna üns berildi.

Duşuşygyň möhüm bölegi halkara guramalarynyň we dünýä akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagy boldy. ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça ýokary komissary Kristof Kamp, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasynyň hünärmenleri we halkara akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar konsepsiýasyny özleşdirmekde milli bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň bilim edaralary ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi barada aýdyldy. Munuň özi bilim ojaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegini we bu ugurda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň netijeli özleşdirilmegini talap edýär.

Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşykda bu ugurda özara tejribe alşylmagynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns berildi. Şunda sebitiň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýän ýurtda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
