14.06.2025
5825
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
14.06.2025
3659
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar.
14.06.2025
4575
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär.
13.06.2025
6833
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
13.06.2025
4542
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etjek ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
13.06.2025
8026
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.
13.06.2025
3674
Türkmenistanyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
13.06.2025
2825
Türkmenistanyň Ilçihanasynda Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumunyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
13.06.2025
4156
«Nebitçi» futbol topary «Köpetdag» toparyny ýeňdi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry Balkanabatda «Nebitçi» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky duşuşygy bilen başlandy.
13.06.2025
5271
“Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usulyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron ylmy-usulyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy.