2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyk söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge hem-de täze ugurlary we mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa kompaniýalary öz işleri we önümleri barada maglumat berdiler we türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de Türkmenistanyň içerki bazaryna girmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ilçi M.Maşalow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.