2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki sebit infrastruktura taslamalaryny ilerletmek meselelerine esasy üns berildi.
Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Taraplar işjeň syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.