mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 33471 makala tapyldy
news-photo

08.04.2025

total-veiw

8240

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we sirk artistleri ussatlyklary bilen tomaşaçylary begendirýär

Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri Daşoguz welaýatynda myhmançylykda şowhunly çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitine gelen artistleriň duşuşygy aýdym-sazly hakyky baýrama we «Görogly» eposy boýunça goýlan teatr çykyşynyň tomaşasyna öwrüldi.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

5875

«Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň täze möwsümini «Türkmen bilbili» konserti açdy

2025-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär. Şan-şöhraty Türkmenistanyň çäklerinden has uzaga ýaýran artistiň ýadygärlik ýubileý dabarasy dogduk şäheri Kerkide-de, Moskwada-da bellendi.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

5488

Türkmenistanda sebit boýunça gümrük hünärmenlerini kämilleşdiriş okuw merkezi dörediler

Şu ýylyň 31-nji marty bilen 4-nji apreli aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Daşgyn Alyýewiň we Jaýdar Inkerbaýewiň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezine iş sapary boldy.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

6380

Aşgabatda türkmen-italýan lybaslarynyň moda görkezilişi boldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen italýan dizaýnerleri Gloriýa Trewizianiniň hem-de Klaudia Bellininiň, şeýle hem akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň moda görkezilişi geçirildi.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

5253

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen birlikde inçekesele garşy göreşi güýçlendirýär

Türkmen wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli döwürde sebitiň ähli ýurtlarynda inçekeseli ýok etmek işini çaltlaşdyrmagy maksat edinýän «Inçekeselden azat Merkezi Aziýa» başlangyjynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

5596

Türkmen oba hojalyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer

12-nji aprelde we 10-njy maýda 10:00-da Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebe okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirer.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

5296

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

6333

Türkmenistan ekologiki dialoga çagyrýar: TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahata hasaba alyş başlady

Türkmenistanda, bütindünýä ekologiki dialogyň syýasatyny dowam etdirip, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriljekdigi (TESC 2025) yglan edildi.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

3938

Ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi

  1. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Halaç etraplarynda ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin idetmeklige guramaçylykly girişildi.

news-photo

08.04.2025

total-veiw

3767

Möwsümleýin işler guramaçylykly alnyp barylýar

Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary ak ekinlere agrotehniki talaplar esasynda göwnejaý ideg edip, bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

...3348