Ï Berlin şäherinde «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berlin şäherinde «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi

view-icon 775
Berlin şäherinde «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Berlin şäherinde Azerbaýjan medeniýet merkeziniň binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň bilelikde gurnamagynda «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çärä TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň, döwlet edaralarynyň, ylmy we medeni guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, Berlin şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergide türki halkaryna degişli şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, däp bolan halk senetçiliginiň nusgalary, milli lybaslar, şaý-sepler we saz gurallary hödürlenildi.

Şeýle hem «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» ady bilen geçirilen maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen tarapy Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda TÜRKSOÝ bilen özara gatnaşyklary dogrusynda gürrüň berdi.

Maslahatyň işi tamamlanandan soňra, çäre öz işini türki halklarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.