Ï TESC 2025-de Türkmenistanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmakdaky üstünlikleri beýan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TESC 2025-de Türkmenistanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmakdaky üstünlikleri beýan edildi

view-icon 2050
TESC 2025-de Türkmenistanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmakdaky üstünlikleri beýan edildi

Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanda metanyň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion gözegçilik we bu ugurda gazanylan gowy netijeler barada aýdyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Luryýewa çykyşynda ýurduň gazananlary barada jikme-jik gürrüň berdi.

Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy borçnama goşulaly bäri Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmeklige ygrarlydygyny görkezýär. Ýurt 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmagy maksat edinýär. Bu tassyklanan Ýol kartasy we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy we Pariž ylalaşygy ýaly halkara ekologiýa maksatnamalarynyň yzygiderli berjaý edilmegi bilen subut edilýär.

Metanyň zyňyndylaryna netijeli gözegçilik etmek üçin Türkmenistan 2024-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikdäki taslama başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde MARS (Metanyň zyňyndylaryna duýduryş we seslenme ulgamy) sanly meýdançasy emeli hemralardan maglumatlary yzygiderli alyp başlady, ol zyňyndy çeşmeleriniň hakyky wagtda yzarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Ulgam özüniň netijeliligini eýýäm subut etdi. 2024-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda MARS «Turkmengaz» döwlet konserniniň ähli gaz önümçilik müdirýetlerinde metanyň zyňyndylaryny hasaba almady, bu bolsa öňüni alyş çäreleriniň we hemişelik gözegçiligiň üstünlikli bolandygyny görkezýär.

Belli Derweze gaz kraterinde zyňyndylaryň ep-esli azalmagy Türkmenistanyň tagallalarynyň gowy mysallaryndan biri boldy. Gözleg guýusyny burawlamakda ýüze çykan heläkçilik netijesinde emele gelen bu krater onlarça ýyllap ýanyp, metan zyňyndylarynyň agyr çeşmesine öwrüldi. Ilki bilen gaz zäherlenmesiniň öňüni almak üçin ony otladylar, ýöne ýatagyň köp gatlakly gurluşy sebäpli gaz geldi durdy.

Indi ýagdaý düýpgöter üýtgeýär. Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri krateriň bir bölegi bolan Çaljulba käninde Iş meýilnamasyny işläp taýýarladylar we ony üstünlikli durmuşa geçirýärler. Ozal togtadylan guýular özleşdirildi we işe girizildi. Dürli guýulardan pes basyşly gazyň we gowşak gazly gatlak suwuň alynmagy krateriň gaz üpjünçiliginiň azalandygyny görkezýär.

Netijeler uzak garaşdyrmady. Krateriň golaýynda ýokary akymly täze guýular burawlandy, bu gaz çykaryşyny ep-esli ýokarlandyrdy. 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri şeýle iki guýy eýýäm işleýär, her aýda gaz çykarmak derejesi birnäçe esse ýokarlandy. Häzirki wagtda maksatnamanyň işi togtadylan beýleki guýulary işe girizmek boýunça indiki tapgyr başlandy, 2025-nji ýylyň fewral aýynda ýokary gaz akymly ýene bir täze guýyny burawlamak işleri tamamlandy.

Bu işleriň netijeleri eýýäm göze ilýär. 2013-nji ýylda hem Derweze gaz krateriniň ody ençeme kilometrden görünýän bolsa, indi onuň alawy diňe ýakyndan görünýär. Şeýle oňyn üýtgeşmeler Capterio kompaniýasynyň garaşsyz hemra maglumatlary bilen hem tassyklanýar. Olaryň ençeme ýyllap alawa gözegçilik we Derweze kraterinden metanyň zyňyndylaryna köp sensorly integririlenen maglumatlary zyňyndylaryň has azalandygyny görkezýär. Seljerilýän döwürde kraterde ot ýanyşy 3 esse azaldy.

Geçirilen barlaglar dürli maglumatlar çeşmelerini birleşdirmegiň oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge ýardam edýändigni görkezýär we iň çylşyrymly şertlerde-de zyňyndylary azaltmagyň köpugurly nusgasyny döredýär.

Türkmenistanyň ekologiýa durnuklylyga ygrarlylygy diňe bir uly taslamalarda däl, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasion ekologiki çözgütlere bagyşlanan ýyllyk ylmy maslahatlarda-da aýdyň görünýär. Nebit we tebigy gaz 2050-nji ýyla çenli ählumumy energiýa balansynda möhüm ähmiýete eýe diýlip çaklanylsa-da, Türkmenistan diňe bir gazy çykarmak däl, eýsem daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirlerini yzygiderli azaltmak bilen serişdeleri tygşytly peýdalanmakdygyň ileri tutulýan ugurdygyna gowy düşünýär.