Ï Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara maslahaty geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara maslahaty geçirer

view-icon 221
Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara maslahaty geçirer

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.

Ylmy forum 5-nji iýunda onlaýn görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde bolar.

Institut maslahata gatnaşmaga ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny we ylmy işgärlerini çagyrýar.

Halkara maslahatyň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça bäş sany bölümçe öz işini alyp barar:

I. Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni mirasy;

II. Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary;

III. Filologiýanyň häzirki zaman meseleleri;

IV. Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş;

V. Takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar.

Forumyň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy çykyşlar bilen bir hatarda, gatnaşyjylaryň arasynda häzirki zaman ylmynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar hem-de bilim ulgamynyň esasy wezipeleri barada ylmy çekişmeler meýilleşdirilýär.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler maý aýynyň 20-sine çenli özleri baradaky maglumatlary, çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny tdmugiylymbolum@gmail.com elektron salgysy arkaly guramaçylyk komitetine ibermelidirler.

Çäre baradaky has giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirildi, şeýle hem şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 (422) 3-45-53; +99365240454.

«Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşmak we olara bilelikde baha bermek, ylmy tejribe alyşmak üçin şertleri döretmek, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny işläp düzmekde gazanylan üstünlikleri öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen geçirilýär.