05.11.2024
8060
«Merdana nesil – 2024» atly bäsleşik yglan edildi
6-njy noýabrda Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Merdana nesil – 2024» atly bäsleşigiň birinji tapgyry başlanýar.
05.11.2024
5975
Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy
2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.
05.11.2024
5049
Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasy geçirildi.
04.11.2024
5191
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
04.11.2024
6713
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.11.2024
6195
Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
04.11.2024
4407
Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Gündizlerine howanyň temperaturasy ortaça +26 gradus bolar.
04.11.2024
4864
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
04.11.2024
7752
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Aşgabat saýlama tapgyrynyň ýeňijileri belli boldy
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Kadyr Jumaýew 2025-nji ýylda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasyna gatnaşmak üçin geçirilen Aşgabat saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ol erkeklere-de, zenanlara-da gatnaşmaga rugsat berilýän açyk tapgyrynda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige ýetdi. Dokuz tapgyryň netijeleri esasynda K.Jumaýew 7,5 utuk toplady.
04.11.2024
6810
Usat halypany ýatlap
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň 95 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.