Ï Türkmen wekiliýeti DARYA taslamasynyň çäklerinde halkara okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Turinde boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti DARYA taslamasynyň çäklerinde halkara okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Turinde boldy

view-icon 2779
Türkmen wekiliýeti DARYA taslamasynyň çäklerinde halkara okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Turinde boldy

Türkmen wekiliýeti Italiýanyň Turin şäherindäki Wille Gualinoda 20-23-nji maý aralygynda geçirilen mümkinçiligi ösdürmek we özara öwrenmek boýunça Halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

Çäre DARYA (Dialogue And Action for Resourceful Youth in Central Asia) taslamasynyň çäklerinde geçirildi hem-de Hünär ussatlygy torunyň (ENE – ETF Network for Excellence) goldamagynda we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) maliýeleşdirmeginde Ýewropa Bilim gaznasy (ÝBG/ETF – European Training Foundation) tarapyndan guraldy.

Okuw maslahaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan wekiliýetleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň we Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlarynyň wekilelrini bir ýere jemledi.

Okuw maslahaty Hünär ussatlygy merkezlerini (HUM) döretmek we ösdürmek meselelerine bagyşlandy hem-de hünär bilimi we okatmak (HBO), şeýle hem gatnaşyjy ýurtlarda HUM-iň eýeleýän ornuny berkitmek babatda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Maslahatlaşmalar interaktiw hem-de amaly-iş ugurly görnüşde geçirildi: dürli ýurtlarda HUM-iň deňeşdirme nusgalary görkezildi, iň oňat tejribeler seljerildi, şeýle hem milli aýratynlyklar göz öňünde tutulyp, HUM-i ösdürmegiň ýurtlar boýunça meýilnamalary hödürlenildi.

Okuw maslahatyň ilkinji gününde oňa gatnaşyjylar hünär ussatlygynyň halkara konsepsiýasy, HBO ulgamynda Ýewropanyň strategik resminamalary hem-de gatnaşyjy ýurtlarda HUM-i ösdürmek boýunça häzirki ýagdaýlar bilen tanyşdyryldy.

Gatnaşyjylar HUM-iň milli nusgalaryny we bar bolan tejribeleri görkezdiler, şeýle hem Turinde Hünär ussatlygy merkezleriniň ikisine baryp görüp, ol ýerde ussatlygy ösdürmegiň gurallarynyň ulanylyşyny we iş berijiler bilen özara gatnaşyklaryň barşyny synladylar.

Ikinji gün Italiýadaky Hünär ussatlygy merkezlerinde bolmagyň netijeleri boýunça pikir alyşmalardan başlandy. Soňra çärä gatnaşyjylar HUM-iň esasy düzüm bölegini (okatmagyň hili, işewürlik bilen hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrmak, durnuklylyk) ara alyp maslahatlaşdylar, toparlarda işlediler hem-de ENE-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyklaryň mysallaryny öwrendiler. Günüň maksatnamasy Turin boýunça syn ediş gezelenji hem-de bilelikdäki agşamlyk nahary bilen tamamlandy, bu bolsa resmi däl ýagdaýda çärä gatnaşyjylaryň hünär aragatnaşyklaryny berkitmäge mümkinçilik berdi.

Çäräniň jemleýji, üçünji güni ISATCOVE-niň – Hünär ussatlygy merkezleri üçin özüne baha bermegiň halkara ulgamynyň gurallaryna, onuň usulyýetine hem-de Ispaniýa, Latwiýa we Moldowa ýaly ýurtlarda tejribeleriň ornaşdyrylyşyna bagyşlanyldy. Soňra baha bermegiň ileri tutulýan ugurlaryny saýlamak we HUM-i ösdürmegiň milli meýilnamalaryny döretmek boýunça ýurtlara degişli mejlsiler geçirildi, şeýle hem geljekki 12 aýyň dowamynda işlemek üçin anyk çäreler bellenildi.

Gatnaşyjylaryň hemmesi öz ýurtlaryna dolanyp baranlaryndan soň, milli hyzmatdaşlara bu ugurda işläp taýýarlamalaryny görkezjekdiklerine hem-de milli hünär bilimi we okuw ulgamlarynda HUM-i ösdürmek boýunça işleri dowam etjekdiklerine borçlandylar.

Okuw maslahaty örän netijeli geçdi hem-de DARYA-nyň okatmak we öwrenmek bilen baglanyşykly taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar oňa gatnaşyjylaryň ýokary gyzyklanma bildirmekleri, iş-amaly taraplaryna ýykgyn edilmegi bilen tapawutlandy hem-de hünär bilimi ulgamynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.