Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu akademiýanyň mugallymy Kerim Berdiýewiň şahsy sergisi açyldy. Surat çekmek usulyny-da özleşdiren grafikaçy suratkeş halkyň dykgatyna soňky üç ýylda döreden eserlerini hödürledi. Sergi möhüm senä – ussadyň 35 ýaşynyň dolmagyna gabat getirilipdir.
Özüniň ýaşlygyna garamazdan, Kerim Berdiýew eýýäm Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlyk edýär. Onuň talyplary mugallymyň ýolbaşçylygynda sungat dünýäsinde ilkinji ädimlerini ädip, ýaş halypanyň tejribesini höwes bilen öwrenýärler. Kerim Berdiýewiň özi döredijilik işine Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde başlapdyr. Ol özüniň durmuşdaky ornuny heniz çagaka tapan bolsa gerek.
Kerim Berdiýewiň işlerinde tebigata we bizi gurşap alan dünýä söýgi agdyklyk edýär. Onuň surat eserlerinde köplenç türkmen peýsažynyň gözelligini görkezýän açyk howa etýudlar, şeýle hem takyklygy we jikme-jikliklere berlen dykgat bilen haýran galdyrýan natýurmortlar gabat gelýär. Grafikada bolsa suratkeş gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetini açyp görkezmek bilen, portretleri ussatlarça döredýär.
Çeperçilik akademiýasynyň ikinji ýyl talyby Ogulmaral Çaryýarowa mugallymynyň ýaş toýuna niýetläp, ussadyň döredijilik eserleriniň katalogyny taýýarlapdyr. Katalogda Kerim Berdiýewiň terjimehaly hem berlipdir.
– Bu – meniň ilkinji çynlakaý işim, – diýip, Ogulmaral gürrüň berýär. – Katalogyň şowly çykmagy üçin, biz Kerim Berdiýew bilen ençeme sagatlap gürrüň etdik. Men onuň döredijilik ussahanasyna baryp gördüm, onuň ähli işlerini we surat çekme uslybyny öwrendim. Iň kyn wezipeleriň biri-de ýüzden gowrak suraty bir sahabyň astynda ýygnamak we geljekki talyplar üçin mugallymymyzyň işi bilen tanyşmak gyzykly hem manyly bolar ýaly görnüşe getirmekdi.
Ýaş toýunyň çäginde döredilen katalog Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kitaphanasyna iberiler we geljekki nesiller üçin gymmatly bilim çeşmesi bolar.