10.02.2025
4757
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan ýaş nesiller üçin ynsanperwerligiň beýik nusgasy hökmünde hereket edýär.
10.02.2025
4778
«Hünärim bar-hormatym bar» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda guralýan dürli derejeli dabaralar, maslahatlar, bäsleşikler, sergiler barha giň gerime eýe bolýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de «Hünärim bar-hormatym bar» diýen at bilen welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
10.02.2025
5033
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary CAFA futzal çempionatynda Gyrgyzystanyň topary bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Duşenbede başlanan Futzal çempionatynda Gyrgyzystanyň topary bilen ilkinji oýnuny 1:1 hasabynda tamamlady.
10.02.2025
5962
Aşgabatda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänler üçin okuw maslahaty geçiriler
15-nji fewralda paýtagtymyzyň «Ynamly kepil» iş merkezinde Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän türkmen ýaşlary üçin tanyşdyrylyş okuw maslahaty geçiriler.
10.02.2025
7391
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde düşülen fotosurat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna bilelikde düşülen fotosurat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
10.02.2025
3642
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürýärler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti «Dykyzlygy nazarda tutup taslama düzmek: goşmaça ýaşaýyş jaý otaglary barada gürrüň» diýen tema boýunça bilelikde onlaýn maslahat geçirdiler.
10.02.2025
4019
Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanda açyk howa garaşylýar
Geljek günlerde Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, käbir ýerlerde ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Dynç günleri howanyň açylmagyna garaşylýar.
10.02.2025
4177
Nusgawy eserler ýaňlandy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi hem-de halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Bahram Dolyýewiň konserti uly üstünlik bilen geçdi.
10.02.2025
4000
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
10.02.2025
6246
Türkmenabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi
Ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dürli maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda şu ýyl geçirilmesi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar.