Ï Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärelere badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärelere badalga berildi

view-icon 1178
Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärelere badalga berildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde uly joşgun bilen bellenilýär.

Bu baýram mynasybetli geçirilýän çärelere aprel aýynyň başynda badalga berilýär. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan bäsleşikler marafon we çapyşyk ýaly birnäçe tapgyrda geçirilýär. Ýylyň jemi boýunça bu işde tapawutlanan we köp ýyllyk tejribesi bolan hem-de pudagyň ösmegine şahsy goşant goşan atşynaslara, seýislere we çapyksuwarlara döwlet baýraklary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Köp ýurtda ýörite ahalteke atlary üçin döredilen atçylyk fermalaryny we çapyksuwarlar klublaryny açmaga islegiň yzygiderli güýçlenýändigini bellemek gerek, bu ugurda türkmen atşynaslygynyň däpleri, milli seýisçilik mekdebiniň ýa-da atlary türgenleşdirmek usullary dünýädäki hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Ol ahalteke bedewlerini wagyz etmegiň, Türkmenistanda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän aýynyň ajaýyp wakalarynyň we Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň alyp barýan işleriniň netijesinde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmeginiň netijesidir. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO, beýleki abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýardam etdi. Ol, şeýle hem ahalteke atşynaslygynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň, döwletiň taryhy we medeni mirasy saklap galmak baradaky aladasynyň netijesidir.