Ï “Türkmenhowaýollary” Doneskä tarap ugur alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenhowaýollary” Doneskä tarap ugur alýar

view-icon 2218
Täze halkara ugry “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň gatnaw ugurlarynyň üstüni ýetirer. 27-nji oktýabrdan başlap, Aşgabat-Donesk-Aşgabat ugry boýunça ýolagçylar wagtly-wagtynda gatnadylar. Uçuş üçin ähli amatlyklary bolan “Boing” kysymly uçar hepdäniň ýedinji güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri bilen Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donesk aralygynda gatnar.

Bu eýýäm Türkmenistany howa ýollary arkaly birikdirýän ukrainanyň üçnji şäheridir. “Türkmenhowaýollarynyň” howa gämileri mundan öň Kiýewe gatnaýar, geçen aýda bolsa türkmen paýtagtyndan Ukrainanyň iri şäherleriniň biri bolan Lwowa howa gatnawlary açyldy.

Bu täze howa gatnawlary diňe bir Türkmenistanyň we Ukrainanyň raýatlaryna dostlukly ýurtlara syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem türkmen-ukrain söwda-ykdysady we gumanitar babtda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hem mümkinçilik berer.