Bäş ýyldyzly “Grand Türkmen” myhmanhanasy durky täzelenenden soňra paýtagtlylara we onuň myhmanlaryna hyzmat edip başlady. Myhmanhananyň ýalpyldap duran ak binasy türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň ajaýyp arhitektura toplumy bilen mäkäm sazlaşyp gidýär. Myhmanhana açylaly bäri, ýagny 1995-nji ýyldan bäri özüniň oňaýlylygyny we oňat hilli hyzmat etmegiň ýokary derejesini görkezip, özüniň abraýyny täzeden tassyklaýar.
Myhmanhananyň özboluşly gurulan bäş gatly binasynda otaglaryň 111-si bolup, olaryň arasynda lýuks, ýarym lýuks, bir orunly, iki orunly otaglar bardyr. Şeýle hem bu ýerde açyk suw howuzy, “ýüpek ýoly” restorany, kafe, disko-bar, karaoke-bar – bu ajaýyp myhmanhananyň doly hyzmat ediş toplumy bardyr. Işewür duşuşygyna gatnaşyjylar üçin, şeýle hem maslahatlar we tegelek stollary geçirmek üçin maslahat zallarynyň üçüsi – 20 orunlyk, 40 we 70 orunlyk maslahat zallary ýerleşendir.
Özüniň ýerleşýän ýeriniň oňaýlylygy bilen belli bolan “Grand Türkmen” myhmanhanasy – paýtagtyň iň bir meşhur myhmanhanalarynyň biridir. Onuň töwereginde Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry, “Watan” kinokonsert merkezi, özüniň daş görnüşi bilen tapawutlanýan “Gülüstan” söwda merkezi ýaly paýtagtyň ajaýyp binalary we owadan künjekleri ýerleşýär.
Eger-de myhmanhananyň myhmanlary ýurduň paýtagtynyň we sebitiniň owadan ýerleri bilen tanyşmak isleseler olar üçin işine ökde hünärmenler tarapyndan gyzykly gezelençler we saparlar guralýar. Diňe şu ýylyň özünde “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň syýahatçylyk bölümi myhmanlaryň bir ýarym müňden gowragy üçin Aşgabadyň we welaýatlaryň owadan ýerlerine gyzykly gezelençleri gurady. Syýahatçylar ýatdan çykmajak täsirleri aldylar, Türkmenistanyň owadan tebigaty we taryhy ýadygärlikleri, milli medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyş boldular.
Ýurduň syýahatçylyk bazarynda täze bolan bu kompaniýa barha uly meşhurlyga eýe bolýar, müşderilerinden, şol sanda beýleki myhmanhanalarda ýerleşýänlerden hem, gelýän buýurmalaryň sany hem barha köpelýär. Myhmanhananyň syýahatçylyk bölümi daşary ýurtdan gelýän syýahatçylary kabul etmegi we türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara saparlaryny guramagy üpjün edýär, hususanda çakylyklary, wizalary, howa gämileri üçin petekleri almagy, myhmanhanalarda ýerleşdirmegi guraýar.
Paýtagtyň “Grand Türkmen” myhmanhanasy özüniň myhmansöýerligi bilen meşhurdyr, ýurduň we paýtagtyň ýaşaýjylary üçin onuň gapysy hemişe giňden açykdyr. Bu haşamly myhmanhananyň durkunyň täzelenmegi – biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmak üçin öňe äden aýgytly ädimdir.