Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp «Zenan bagty – Zemin bagty» atly sergi açyldy.
Sergi baý medeni mirasy, zenanlaryň döredijilik üstünliklerini we olaryň ýurduň ösüşine goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny görkezýär.
Muzeýiň zalynda dürli döwürlerden zehinli senetçileriň döreden gadymy öý goşlary, şaý-sepleri we lybaslary goýlupdyr. El keşdesi bilen bezelen lybaslar bu ýere has-da gözellik çaýýar. Kürtelere salnan nepis keşdeler bahar terligini we tebigatyň gözelligini görkezýär.
Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň halkara derejesinde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa çeper elli türkmen zenanlarynyň üýtgeşik ussatlygyny, olaryň medeni mirasy gorap saklamaga we ösdürmäge goşan goşandynyň ähmiýetini görkezýär. 
Çeper elli zenanlar dürli nagyşlary bilen meşhur bolan milli keşdäniň syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelýärler. Mundan başga-da, sergide zenan gözelligini, paýhasyny we gujur-gaýratyny wasp edýän her dürli sungat eserleri bar. Žiwopis suratlary halkymyzyň gadymy senetleri we däp-dessurlary barada gürrüň berýär. 
Sergide Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň we Döwlet medeni merkeziniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Azat Annaýew we beýleki görnükli medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Olar zenanlary ýetip gelýän baýram bilen gutladylar.