Ï Gökderede ýokary dyrmaşmak boýunça sport çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderede ýokary dyrmaşmak boýunça sport çäresi geçirildi

view-icon 1558
Gökderede Harlasaň dagynyň gerişlerine çykmak boýunça sport çäresi geçirildi. Skaýranning boýunça bu bäsleşigiň netijeleri sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň hasabyna girer. Bäsleşikler köpçülikleýin belentlige çykmagyň çäklerinde geçirilip, ol Halkara syýahatçylar gününe bagyşlandy. Ony “Agama” alpinistler kluby paýtagtyň Arçabil etrap häkimligi bilelikde Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň ýardam bermegimde geçirildi.

Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Maksim Gordiýenko bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Deňiz derejesinden1650 metr belentlige çykmakda pellehanadan ikinji bolup, ýurdumyzda geçirilýän kubok ugrundaky ýaryşlaryň ählisiniň diýen ýaly ýeňijisi, Elbrus we Alp daglarynyň gerişlerine çykmakda öz ussatlygyny görkezen Alikper Ahmedow ikinji orny eýeledi. Paýtagtyň ýene-de bir alpinisti Maksim Fedko üçünji orny eýelemegi başardy.


Ýokaryk köpçülikleýin çykmak 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär, ol işjeň dyn almaklygy gowy görýänleriň köp sanlysyny ýygnaýar. Şu ýyl hem Gökderäniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän ugur boýunça badalga berilýän ýere ýokary çykmagy halaýanlaryň ýüzden gowragyny ýygnady. Bu ýere ýygnananlaryň köpüsi bu dag gerişleri bilen öňden bäri tanyşdylar.

Ýokary çykylýan bir kilometrlik ýolda özüniň süňňi ýeňilligini, çydamlylygyny görkezmek isleýän türgenleriň atasynda Aşgabadyň “Agama” we Balkanabadyň “Mert”alpinistler klublarynyň, Aşgabadyň “Uçuş” klubynyň wekilleri, sport seksiýalarynyň agzalary we paýtagtyň umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň okuwçylary bardy.

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň üçünji tapgyry noýabr aýynyň ortalarynda uly Balkanyň eňňitlerinde geçiriler.