28.03.2024
8130
«TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
28.03.2024
4724
Ýaponiýada hususy telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürlik forumy geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) işjeň goldamagynda gurnalan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki iri işewürlik forumy geçirildi.
28.03.2024
12516
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty innowasion taslamalar sergisine çagyrýar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndaky Ýaş alymlar geňeşiniň agzalarynyň – mugallymlarynyň we talyplarynyň innowasion taslamalarynyň sergisi açyldy.
28.03.2024
5059
Žurnalist Jawad Mottagi türkmen talyplary üçin umumy sapak berdi
Tanymal žurnalist – Kanadanyň Monrealdaky Ýokary telekeçilik mekdebiniň (HEC Monreal) halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk fakultetiniň professory Jawad Mottagi Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
28.03.2024
6275
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň kitaba bahasyna ýetip bolmajak hazyna we paýhasly pikirleriň çeşmesi hökmünde garaýşy barada «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi.
28.03.2024
4337
Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi we ÝTÖB iş meýdançasyna türkmen işewürlerini duşuşyga çagyrýar
Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň geňeş bölümi, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlykda, kiçi we orta kärhanalaryň ýolbaşçylaryny «Iş meýdançasyna» gatnaşmaga çagyrýar.
28.03.2024
5620
Hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda maslahatlar geçirildi
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) wekiliýeti Türkmenistana geldi.
28.03.2024
5163
Adalatçynyň edarasy aýallaryň reproduktiw hukugy boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň edarasy bilen hyzmatdaşlykda üç günlük maslahat geçirdi.
27.03.2024
5180
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.
27.03.2024
6794
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.