Ï Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi we ÝTÖB iş meýdançasyna türkmen işewürlerini duşuşyga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi we ÝTÖB iş meýdançasyna türkmen işewürlerini duşuşyga çagyrýar

view-icon 1478
Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi we ÝTÖB iş meýdançasyna türkmen işewürlerini duşuşyga çagyrýar

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň geňeş bölümi, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlykda, kiçi we orta kärhanalaryň ýolbaşçylaryny «Iş meýdançasyna» gatnaşmaga çagyrýar.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu çäre 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriler. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistanyň telekeçilik işinde halkara tejribesini netijeli durmuşa geçirmek» temasyndan ara alyp maslahatlaşmak bolar.

Işewürlik meýdançasy telekeçileriň iş meseleleri barada iň täze maglumatlary alyp bilýän we iş dolandyryş ulgamyny döretmäge kömek edip biljek ýerli geňeşçiler bilen duşuşyk geçirilýän ýeridir. Işewür toparlaryň wekilleri, işewürligi awtomatlaşdyrmak, maýa bazarlary, elektron B2B satuwy we autsorsing ýaly ugurlarda eýýäm türkmen telekeçileriniň işinde üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara işewürlik gurallary barada habarlylygy artdyrar.

«Işewürlik meýdançasyna» gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 5-nji apreline çenli resminamalary doldurmaly we tabşyrmalydyr.