Ï Ýaponiýada hususy telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürlik forumy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýada hususy telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürlik forumy geçirildi

view-icon 1614
Ýaponiýada hususy telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürlik forumy geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) işjeň goldamagynda gurnalan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki iri işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Forumyň açylyş dabarasynda Ýaponiýanyň JETRO guramasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Norihiko Işiguro we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyklar bellenilip, ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleriň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni we Türkmenistanda Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň wekilligini açmak zerurlygy hem bellenildi.

Soňra forum üç bölümde dowam etdirildi. Forumyň birinji bölümi maýa goýum, ulag we logistika ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine bagyşlandy. Forumyň ikinji bölüminde hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Üçünji bölümde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde inidki ýyl geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň tanyşdyryş dabarasyndan ybarat boldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary, ýagny, Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasy, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Bütindünýä sergi boýunça ýapon bileleşigi, Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentligi, Russiýa-Ýewraziýa ylmy-barlag instituty, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky hem-de “ING”, “Deutsche”, “SMBC” ýaly banklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Bu duşuşyklar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek, şeýle-de, işewürlik we maýa goýumlar üçin oňyn şertleri döretmek ýaly meselelerine gňnükdirildi.

Işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň arasynda Özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek ugrunda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.