Ï Žurnalist Jawad Mottagi türkmen talyplary üçin umumy sapak berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnalist Jawad Mottagi türkmen talyplary üçin umumy sapak berdi

view-icon 1823
Žurnalist Jawad Mottagi türkmen talyplary üçin umumy sapak berdi

Tanymal žurnalist – Kanadanyň Monrealdaky Ýokary telekeçilik mekdebiniň (HEC Monreal) halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk fakultetiniň professory Jawad Mottagi Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. 

Daşary ýurtly myhman saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistikany öwrenýän talyplar bilen söhbetdeş boldy. Açyk sapak görnüşinde geçirilen duşuşykda metbugat we aragatnaşyk pudagyndaky wajyp meseleler hakda gürrüň edildi.

Telewideniýede we radioda köpýyllyk tejribe toplan Jawad Mottagi ençeme ýyl Aziýa–Ýuwaş umman ýaýlym birleşiginiň baş sekretary bolup işledi, ol Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň, Afrikanyň we arap ýurtlarynyň birnäçesiniň teleradio kompaniýalary bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Dürli teleradio gepleşikleri we reportažlary bilen meşhurlyk gazandy.

Leksiýada metbugat pudagynyň görnükli wekili häzirki zaman metbugatynyň ösmegi üçin zerur talaplar barada gürrüň edip, radio diňleýjileriň, teleýaýlym tomaşaçylarynyň we internet ulanyjylarynyň maglumat talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Duşuşykda sanly we adaty metbugatyň geljegi baradaky temalar hem agzalyp geçildi. Media mazmunyny döretmekde emeli intellektiň mümkinçiliklerini ulanmakda dünýä tejribesinden mysallar getirildi. Mundan başga-da, häzirki zaman žurnalistikasynda hünär we ahlak kadalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Professor hünär tejribesini paýlaşdy, şeýle hem häzirki wagtda sapak berýän uniwersitetiniň taryhy we işleri bilen tanyşdyrdy. Gyzykly leksiýada diňleýjiler bilermene özüni gyzyklandyrýan sowallary berdiler.