26.09.2023
4787
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy.
26.09.2023
4976
Türkmenistanyň Prezidenti «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi.
26.09.2023
5466
Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi.
26.09.2023
3221
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi.
26.09.2023
3696
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
26.09.2023
14363
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.
26.09.2023
8172
Türkmenistanyň talyplary her ýyl geçiriljek mowzuk olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrylýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.
26.09.2023
9034
Türkmen wekiliýeti ministrler derejesindäki ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde döredilen ministrler derejesindäki ykdysady we energetika dialogynyň gibrid görnüşinde birinji duşuşygy geçirildi.
26.09.2023
5891
Gruziýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
26.09.2023
7378
TTF-niň ýolbaşçysy ITF-niň kongresine gatnaşdy we milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen tennis ýaryşynda ýeňiji boldy
Şu gün Meksikanyň Kankun şäherinde Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) kongresi tamamlandy. Kongresde bu sport guramasynyň prezidentiniň we geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu çärä Türkmenistan tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.