Ï Ýelena Oreşkina «Güýz balyna» çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýelena Oreşkina «Güýz balyna» çagyrýar

view-icon 4042
Ýelena Oreşkina «Güýz balyna» çagyrýar

Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde meşhur estrada aýdymçysy Ýelena Oreşkinanyň «Güýz baly» atly solo konserti geçiriler.

Konsert programmasy aýdymçynyň sahna eserleriniň hemmesini diýen ýaly öz içine alýan görnüşde işlenip düzüldi. Onlarça ýyl mundan öňki iň gowy görýän hitleriňizi diňläp, Ýelena Oreşkinanyň zehininiň nähili ösendigine göz ýetirip bilersiňiz.

Mundan başga-da, Ýelena tomaşaçylar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga çalyşýar we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmekden başga-da, aýdymçylyk barada diňleýjiler bilen gyzykly maglumatlary paýlaşýar.

Meşhur hitler bilen bir hatarda Ý.Oreşkina öz döreden aýdymlaryny hem ýerine ýetirer. Konserte «Mähirli» şou-balet hem gatnaşýar.

Habarlaşmak üçin tel. +99362937441, +99364127042, +99364088829.