Ï Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY

view-icon 3659

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini halkara giňişlikde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şu aşakdaky sanawda görkezilen daşary ýurtly wekillerini Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamaly:

1. Mohammadi Nazarmohammad Adineh Gorban — Eýran Yslam Respublikasyndan, «Er-Salah» ylmy-dini medresesiniň müdiri, birleşigiň işjeň agzasy;

2. Karaýew Bobonazar — Täjigistan Respublikasyndan, Kazyýet lukmançylyk ekspertiza gullugynyň bölüm başlygy, birleşigiň işjeň agzasy;

3. Awezow Rejep — Özbegistan Respublikasyndan, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Garagalpagystandaky Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, birleşigiň işjeň agzasy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň Prezidenti,

Gahryman Arkadag 

Gurbanguly Berdimuhamedow.