Ï «Türkmen ýyldyzynyň» nury
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen ýyldyzynyň» nury

view-icon 3782
«Türkmen ýyldyzynyň» nury

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetika desgalarda sazlaýyş-synag we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň hem-de kabelleriň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmegiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu önümçiligiň ýola goýlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine diňe bir hususy kärhananyň ýerleşýän sebiti bolan Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeginde hem uly islegiň bolmagy bu ýerde önümçiligiň tehniki talaplara laýyk ýola goýlandygynyň subutnamasydyr.

Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 30-dan gowrak görnüşi şol sanda, alýuminiý metalyndan ýasalýan, daşy açyk görnüşdäki elektrik geçirijileriniň, ýagny elektrik simleriniň A-16-dan A-70-e çenli 5 görnüşi, alýuminiý hem-de polat metallardan bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen AS-50/8, AS-70/11 hem-de AS-95/16 görnüşleri öndürilýär. Şonuň bilen birlikde, kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň APW-1x10, APW-1x16 ölçegdäki bir hatarly görnüşleriniň, APPW-2x2,5, APPW-2x4 hem-de APPW-2x6 ölçegdäki iki hatarly görnüşlerini öndürmek ýola goýlupdyr.

Gerimi barha giňeýän bu kärhanada elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň önümçilik zerurlygy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşli elektrik geçiriji kabellerini öndürmek hem önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar. Häzirki wagtda bu ýerde mis metalyndan bolan izolirlenen geçirijileri we kabelleri öndürmek işleri hem taýýar edilipdir. Bu bolsa «Gerim» hil nyşanly önümleriň geriminiň barha giňelýändigine şaýatlyk edýär.

Kärhana boýunça geçen 2022-nji ýylyň bütin dowamynda 3 million 845 müň 340 metr elektrik geçirijileri öndürilen bolsa, şu ýylyň eýýäm ýarym ýylynda 3 million 19 müň 550 metre golaý önüm öndürilip sarp edijilere hödürlenipdir. Bu görkezijiler «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň önümçilik kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçilige döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu kärhana tarapyndan elektrik ulgamy boýunça dürli hyzmatlar – elektrik bekediniň, howa we kabel ulgamlarynyň taslama, düýpli abatlaýyş işleri, rele goragynyň sazlaýyş, elektrik enjamlarynyň, akkumulýatorlaryň synag işleri, elektrodwigatelleriň we transformatorlaryň bejergi işleri hem-de beýleki hyzmatlary amala aşyrylýar. Hususy kärhananyň Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hyzmat ediş bölümleriniň bardygyny hem belläp geçmek bolar.

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda önümçiligiň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegler dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň elektrik ulgamy üçin zerur bolan ýokary hilli elektrik enjamlaryny ýeterlik mukdarda öndürmäge, bu ugurda dürli hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.