24.03.2023
4058
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
ABŞ-nyň halkynyň adyndan Sizi, Siziň maşgalaňyzy we ähli türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.
24.03.2023
13740
26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler
Türkmenistan jemgyýetiň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän däplerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky täze ädime taýýarlyk görýär.
24.03.2023
10945
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy.
24.03.2023
18469
«Oraza» SMS hyzmaty ýurdumyzda hereket edip başlady
«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderileri üçin mukaddes Remezan aýynda «Oraza» hyzmatyny hödürledi.
24.03.2023
6703
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barha artýar
2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň deňiz portunyň halkara ýük daşalmgynda üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti hasam artdy. “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti, Hazar deňzine çykalgasy bolmadyk goňşy ýurtlardan üstaşyr ýük daşamaklygy amala aşyrýar. TULM Özbegistanyň “UzAVTO MOTORS” paýdarlar jemgyýetiniň ätiýaçlyk şaýlar ýüklenen konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen müşderisine – Azerbaýjan Respublikasynyň “AZERMASH SP” paýdarlar jemgyýete iberdi.
24.03.2023
6014
«Rahmanin bahary» taslamasy – Türkmenistanda
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera sazy ansambly bölümi şu ýylyň aprel aýynda görnükli rus kompozitorynyň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Rahmanin bahary» taslamasyny durmuşa geçirýär. Şu ýerde 2023-nji ýylyň Russiýada «Rahmaninow ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek ýerliklidir. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň ähli şäherinde kompozitoryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen konsertler, bäsleşikler, festiwallar geçiriler.
24.03.2023
8474
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ekişine taýýarlyk görýärler
Daşoguz welaýatynda howa şertleri sebäpli pagta ekiş ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda deňeşdirende, gijräk başlanýar.
24.03.2023
7035
Türkmenistanyň zähmet bazarynda «Orlan» kompaniýasy
Häzirki wagtda «Orlan» Türkmenistanyň zähmet bazarynda işe alyş hyzmatlaryny hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýar.
23.03.2023
6588
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
23.03.2023
3676
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi.