Ï «Rahmanin bahary» taslamasy – Türkmenistanda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Rahmanin bahary» taslamasy – Türkmenistanda

view-icon 3520
«Rahmanin bahary» taslamasy – Türkmenistanda

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera sazy ansambly bölümi şu ýylyň aprel aýynda görnükli rus kompozitorynyň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Rahmanin bahary» taslamasyny durmuşa geçirýär. Şu ýerde 2023-nji ýylyň Russiýada «Rahmaninow ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek ýerliklidir. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň ähli şäherinde kompozitoryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen konsertler, bäsleşikler, festiwallar geçiriler.

1-nji aprelde, ýagny Sergeý Rahmaninowyň doglan gününde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Rahmanin bahary» taslamasynyň uly konserti başlanýar. Konserte konserwatoriýanyň we TMK-nyň Ýörite sazçylyk mekdebiniň 20-ä golaý sazandasy we aýdymçysy gatnaşar. Onda Rahmaninowyň iki konserti, «Oleko» operasyndan Zemfira bilen Olekonyň dueti, skripka we fortepiano üçin eserler, şeýle hem romanslar ýerine ýetiriler.

7-nji aprelde «Rahmanin bahary» taslamasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow dowam etdirer, ol filarmoniýanyň medeniýet merkezinde –»Aşgabat» seýilgähiniň konsert zalynda Rahmaninowyň muşdaklary üçin ýekelikde konsert berer.

Wladimir Mkrtumowyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryna şu konsert maksatnamasy bilen sapar etjekdigi bellärliklidir.

19-njy aprelde «Rahmanin bahary» taslamasy Rahmaninowyň wokal sazy konserti bilen tamamlanar. Ol konserwatoriýanyň kiçi zalynda bolar. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa (soprano), Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa (soprano) we halkara bäsleşikleriň diplomçysy Stella Faramazowa (fortepiano) gatnaşar.