Ï Tehnikalaryň abat işlemekleri – suw üpjünçiliginiň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnikalaryň abat işlemekleri – suw üpjünçiliginiň kepili

view-icon 4724
Tehnikalaryň abat işlemekleri – suw üpjünçiliginiň kepili

Häzirki wagtda ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, derýalarda, akabalarda yzygiderli arassaçylyk we çuňlaşdyryş işlerini geçirmek, suwdan tygşytly peýdalanmak, şonuň bilen birlikde zeý suw akabalaryny gazmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Bu ugurda işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin ulgamyň ygtyýarynda bar bolan kuwwatly tehnikalaryň – ekskowatorlaryň, läbiksorujylaryň, gum itekleýjleriň (buldozerleriň), suw sorujy nasoslaryň abat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak möhümdir.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň Türkmenabat tejribe – abatlaýyş kärhanasy suw hojalyk ulgamyna degişli tehnikalarda abatlaýyş işlerini geçirýän hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýan ýeke-täk kärhanadyr.

Bu ýerde ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda ulanylýan dürli kuwwatlykly suw göteriji-sorujy nasoslaryň, daşary ýurtlardan satyn alnan, kuwwatly “Komatsu” ekskowatorlarynyň, “Caterpillar” gum itekleýjileriň, läbiksorujylaryň we beýleki dürli görnüşli tehnikalaryň hereketlendirijileriniň abatlaýyş işlerini geçirilmegi, olaryň çylşyrymly ätiýaçlyk şaýlarynyň ýasalmagy, kärhananyň kuwwatlylygynyň görkezijileridir.

Bulardan başga hem bu ýerde lagym we agyz suw ulgamlary üçin enjamlaryň dürli görnüşleri ýasalýar. Kärhanada diňe bir suw hojalyk ulgamy däl, eýsem, beýleki pudaklaryň eýeçiligindäki tehnikalar üçin hem ätiýaçlyk şaýlarynyň ýasalmagy aýratyn bellärliklidir.

Muňa mysal edip, galla ýygnaýjy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň, “Lebapenergo” önümçilik birleşiginiň, ýol gurluşyk edaralarynyň, “Lebap” sement zawodynyň hem-de hususy kärhanalaryň dürli kuwwatlykly we görnüşli tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň, önümçilik enjamlarynyň ýokary hil derejesinde ýasalýandygyny görkezmek bolar.

Dürli hünärli ussat hünärmenleriň zähmet çekýän bu kärhananyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelýän buýurmalar esasynda işleýändigini hem belläp geçmek bolar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şu ýylyň başyndan bäri iki aýlyk meýilnamanyň haryt önümleri boýunça 117 göterim, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek boýunça 122 göterim, hyzmatlar boýunça 111,3 göterim amal edilendigi hem şaýatlyk edýär.