Ï Daşoguz welaýatynyň bazarlary bakja önümlerine baýdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň bazarlary bakja önümlerine baýdyr

view-icon 84
Daşoguz welaýatynyň bazarlary bakja önümlerine baýdyr

Şu günlerde Daşoguz welaýatynyň bazarlaryna köp mukdarda garpyz, gawun we kädi getirilýär. Güýzüne welaýatyň bazarlary bakja önümlerine örän baýdyr. Alyjylara hödürlenýän harytlaryň agramly bölegi sebitiň meýdanlarynda ýetişdirilen önümlerdir. Olaryň arasynda süýjüligi, şireliligi we uzak wagtlap saklanylmaga durnuklylygy bilen tanalýan, hemmeleriň söýüp iýýän meşhur gyşky gawuny, şeýle hem kädileriň, aýratyn-da, alyjylaryň arasynda uly isleg bildirilýän «bal kädi» we «palow kädi» görnüşleri bar.

Ruhubelent etrabynyň ekin meýdanlarynda her ýyl sebitiň bakja önümleriniň uly bölegi ösdürilip ýetişdirilýär. Şabat etrabynyň daýhanlary hem bu ýyl önüm öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler, olar 4 müň 810 tonna hasyl ýygnap, öz ussatlyklary bilen hemişe ýokary netijeleri gazanýarlar. Köneürgenç etrabynyň we S.Türkmenbaşy etrabynyň bagbanlary hem sebitde bakja önümleriň iri öndürijileri bolup durýarlar.

Umuman alanyňda, ýerli daýhanlar her ýylda ýeriň her gektaryndan azyndan 200 sentner hasyl alýarlar. Olar ýyllaryň dowamynda toplanan ekin ýetişdirmek tejribesini üstünlikli ulanýarlar we döwrebap ylmy maslahatlary işjeň ornaşdyrmaga çalyşýarlar.

Soňky ýyllarda welaýatyň daýhanlary alyjylaryň arasynda uly isleg bildirilýän gawun, garpyz hem-de kädi görnüşlerini has köp ýetişdirmäge çalyşýandyklary aýratyn üns çekýär. Süýji önümleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň üstünde işleýän ýerli ylmy işgärler hem pudagyň mundan beýläk-de ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.