Ï Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

view-icon 92
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Derýanyň kenarynda guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylary milli lybasly gyzlar duz-çörek, pişme, miwedir ir-iýmişler bilen bezelen toý saçakly garşyladylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar Arkadag we Aşgabat şäherleriniň şäher gurluşygynda ýetilen sepgitleri, welaýatlar hem-de oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri görkezýän oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň, olary gaýtadan işlemekden alnan taýýar önümleriň sergisini synladylar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň gazanýan üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Şunda oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi.

...Sergide ýurdumyzyň welaýatlary hem baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, olaryň sergi bölümlerinde «ak altynyň» täze hasylyndan doly horjunlar, bugdaý sünbülleri, tamdyrda täze bişirilen çörekler we beýleki milli tagamlar görkezilýär. Bu ýerde häzirki döwürde söwda merkezlerinde, bazarlarda ilatymyza hödürlenilýän ter miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň dürli görnüşlerine orun berlipdir.

Täze taryhy döwrümiziň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem oba hojalyk pudagynda uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Pileçi kärendeçiler 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gök, miwe we bakja önümleriniň, pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,2 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli, kesellere we zyýankeşlere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan sortlaryny peýdalanmak bol hasylyň binýadyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Bu işler pudakda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalardyr şäherçeler, häzirki zaman maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, azyk önümlerini öndürmek boýunça kärhanalar, sowadyjy, suw arassalaýjy desgalar guruldy. Şu ýyl Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýly döwrebap şäherçäniň gurluşygyna girişildi. Ýakynda bolsa döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň, azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyklaryna ak pata berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmek boýunça işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Suw hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şu ýyl Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem muny doly tassyklaýar.

...Dabarada aýdym-saz toparlarynyň, milli göreş boýunça pälwanlaryň çykyşlary-da ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Gadymy türkmen däbine görä, baş baýrak ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň beýanydyr. Baýramçylyga gatnaşyjylar milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini gyzyklanma bilen synladylar.

Mälim bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diňe bir mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyrmak bilen çäklenmän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, taryhymyzy dünýäde wagyz etmek üçin işlere hem giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleriň guralmagyna uly ähmiýet berildi. “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny geçirmek boýunça kabul edilen çözgüt, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlik derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy şanly ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi. Häzirki döwürde türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini üstünligiň, gözelligiň we maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde täsirli janlandyrýarlar. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň esasy gymmatlyklarydyr. Ýurdumyzda dürli bäsleşikler guralyp, bedew atlarynyň gözelligini wasp edýän döredijilik işgärleriniň zähmetine ýokary baha berilýär.

Diýarymyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önümdigi-de bellärliklidir. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkin. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir. Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Däneçilik ylmynda ylmy-barlag işleriniň işjeňleşmegi bilen, bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» atly täze sortlary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň gaýratly zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmanlary beýgelip, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär.

Dürli görnüşli güller ekilen meýdançalar ajaýyp güýz paslynyň gözelligine aýratyn öwüşgin çaýýar. Tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynda Milli tokaý maksatnamasyna wajyp orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty diýen ýaly işjeň gatnaşýar. Bag ekmek boýunça ählihalk dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. 7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Häzirki wagtda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan bu işleriň netijeleri — Watanymyzyň dürli künjeklerindäki giň çäkleri öz içine alýan, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler we seýilbaglar gözüňi dokundyrýar.

Maldarçylyk pudagyna, janly tebigata bagyşlanan sergi hem uly gyzyklanma eýe boldy. Häzirki wagtda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny öndürmek, balyk senagaty, oba hojalygynyň beýleki ugurlary-da işjeň ösdürilýär. Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri işjeň gatnaşyp, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň usullaryny kämilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek hem geljegi uly ugurlaryň biridir.

Soňra dabaralar baýramçylyk sahnasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkymyza iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2023-nji ýylda doglan Hazyna atly dor reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra baýramçylyk sahnasynda Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünlikleri joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň rowaçlygy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere ählihalk hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.

Dabaranyň çäklerinde myhmanlar üçin türkmen toýuna mahsus milli tagamlar we naz-nygmatlar bilen bezelen desterhanlar giňden ýazyldy. Hatara guralan ak öýleriň ýanynda atarylan gazanlarda ussat aşpezleriň taýýarlan milli tagamlary myhmanlara hödür edildi.

Umuman, daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň, bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna guralan dabara türkmen toýuna mahsus ýokary myhmansöýerligiň, Watanymyzyň abadançylygynyň we bolçulygyň nyşany bolup, gatnaşyjylaryň dynç hem-de baýramçylyk gününe aýratyn öwüşgin çaýdy. Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.