Ï 26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler

view-icon 8853

Türkmenistan jemgyýetiň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän däplerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky täze ädime taýýarlyk görýär. Halkymyz bu däplere we ýörelgelere müňýyllyklaryň dowamynda ygrarly bolmak bilen, häzirki täze taryhy eýýamda olar täzeden dabaralandyrylýar. 26-njy martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar. Ildeşlerimiz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň has mynasyplaryna ses bererler we özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý ederler.

Ykdysadyýetimiziň ösmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, öz röwşen geljeginiň gurujysy hökmünde ildeşlerimiziň jemgyýetçilik-syýasy gözýetimi hem barha giňeýär. Mizemez demokratik ýörelgelere esaslanýan ýurdumyzyň syýasy ulgamynda Mejlisiň deputatlaryndan başga-da, jemgyýetiň has mynasyp, işjeň agzalaryny birleşdirýän ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna — welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna hem-de Geňeşlere aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gezekki saýlawlar demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlara taýýarlyk wagtynda giň möçberli işler amala aşyrylyp, olara ähli derejedäki döwlet düzümleriniň wekilleri bilen bir hatarda, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Saýlawlara taýýarlyk işleri hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.

Şu gün ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda doly taýýarlyk yglan edildi. Olaryň her biri ses bermek üçin gutular, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri we ähli zerur sowal-jogap hem-de usuly edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerler taýýarlanyldy. Her bir saýlaw uçastogyna ygtybarly aragatnaşyk enjamlary, ulag serişdeleri berkidildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň 240-synda işleriň gidişi sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigine, olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk eder.

Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Bu toparlaryň düzüminde syýasy partiýalaryň, zähmetkeş toparlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri bar. Ilat arasynda ýerlerde giň wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Mundan başga-da, saýlawlar gününde haýsydyr bir sebäbe görä ses berip bilmeýän raýatlar öňünden ses bermek hukugyndan peýdalanýarlar. Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleri sanamak pursadyna çenli ýörite möhürlenen gutularda saklanar. Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary ýörite bellenen hem-de ylalaşylan tertibe laýyklykda geçirildi. Duşuşyklaryň geçjek ýeri, wagty baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradyldy. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek zerurdyr.

Milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçmegine ýardam berer. Öňümizdäki möhüm syýasy waka barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň halkara ýörelgelere eýerip, saýlawlara syn etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini çagyrandygyny bellemek gerek. Ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleri geldiler.

Ýurdumyz boýunça jemi 14 müň 872 dalaşgär hödürlenildi hem-de bellige alyndy. Olardan 258-si Mejlisiň deputatlygyna, 515-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2001-si etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 12 müň 98-si Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlerdir. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, dürli hünärleriň hem-de milletleriň wekilleri bar. Demokratik partiýadan 6 müň 241 dalaşgär, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523 dalaşgär, Agrar partiýadan 3577 dalaşgär, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4531 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärler belli bir saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň umumy ýygnagy tarapyndan hödürlenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 125 deputat saýlanylar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 960-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa saýlaw okruglarynyň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlaw möwsüminiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz işlerini geçirmek tapgyry tamamlandy. 26-njy martda bolsa sagat 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen uçastoklarda ses berler.