Ï Amyderýa goraghanasy: görki gözellik, durky baýlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýa goraghanasy: görki gözellik, durky baýlyk

view-icon 138
Amyderýa goraghanasy: görki gözellik, durky baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar Diýarymyzda ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, oňa dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmaklary netijesinde her ýyl ýüz müňlerçe bag nahallary oturdylýar, öňden bar bolan baglara ideg işleri geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan ekologiýa boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwlet goraghanalaryna hem uly orun degişlidir.

Bu ugurda netijeli iş alyp barýan goraghanalaryň biri hem ýylyň islendik paslynda özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan, täsinliklere baý Amyderýa döwlet tebigy goraghanasydyr. Goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy A.Sadykow bu täsinlikleriň we gözellikleriň mekany, şeýle hem goraghananyň işgärleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi:

— Jeýhun derýasynyň orta akymynyň kenarlaryny gurşap alan tokaýlyklaryň, derýaýaka Gyzylgum we Garagum sähralarynyň ekologik ulgamlaryny ylmy esaslarda öwrenmek, gorap saklamak maksady bilen 1982-nji ýylda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy döredilip, onuň düzümine Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri hem-de Kelif çäkli goraghanasy girizildi. Goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde Dänew, Darganata, Farap etraplarynda ýerleşip, 48 müň 350 gektar meýdany, Kelif çäkli goraghanasy günorta-gündogar Garagumda, Halaç we Kerki etraplarynda ýerleşip, 103 müň gektar meýdany eýeleýär.

Goraghana Turan pesliginiň çägeli-çöl zolagynyň demirgazyk landşaft sebitiniň çäklerinde ýerleşýär. Goraghananyň Gabakly we Görelde bölümleri Amyderýanyň çep kenarynda, Nargyz bölümi bolsa sag kenarynda ýerleşýär. Meýdany 28 müň 177 gektardan ybarat Nargyz bölümi diňe bir kenarýaka tokaýlyklardan ybarat bolman, eýsem, gündogar-demirgazyk çäkde Gyzylgum sährasynyň tebigy gözelliklerini hem özünde jemleýär. Goraghananyň bu bölüminiň 3 müň 246 gektaryny tokaýlyklar eýeleýär. Beýikligi 13-14 metre ýetýän petde, toraňňy, igde agaçlarynyň duş gelmegi onuň has irki, köne tokaýlykdygyny görkezýär. Amyderýanyň çep kenarynda, Gabakly obasyndan 6 kilometr aralykda goraghananyň Gabakly bölümi ýerleşip, ol günorta-günbatarda Garagum sährasy, demirgazyk-gündogarda Gyzylgum sährasy bilen araçäkleşýär. Bölümiň ýer üstüniň gurluşy dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tokaýlyklary bölüp geçýän arnalar, suwly-gamyşly çöketlikler, gum depeleri, seýrek we gür tokaýlyklar duş gelýär. Goraghananyň Görelde bölümi gündogar sebitiň demirgazygyndaky Darganata etrabynda ýerleşýär. Ähli ýeri tokaýlyklar bilen gurşalan, meýdany 2 müň 58 gektar bolan bu bölüm günorta-günbatarda Garagum sährasy bilen araçäkleşýär. Goraghananyň Görelde bölüminde tokaý sugunlarynyň ýaşaýyş işjeňligi hasaba alnyp, onuň kän duş gelýändigi bellige alyndy. Tokaýda ösümlikler gür we garyşyk ýerleşýär.

Goraghananyň döredileninden bäri geçen 45 ýyla golaý wagtyň içinde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda daşky gurşawy goramak, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ekoulgamyny öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň ençemesi alnyp baryldy. Goraghananyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň dikeldilmegi, has-da baýlaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär. Bu ýerde süýdemdirijileriň 41 görnüşi, balyklaryň 36, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 29 görnüşi, oňurgasyzlaryň birnäçe ýüze ýetýän görnüşi, şol sanda möýleriň 80-den gowrak, guşlaryň 175 görnüşi duş gelýär. Bulardan başga-da bu ýerde gyş aýlarynda derýanyň üstünden uçup geçýän möwsümleýin gyşlaýan guşlaryň birnäçe görnüşi mesgen tutýar. Goraghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de bu ýerde «Asylly sugun» ady bilen giňden tanalýan tokaý sugunynyň duş gelmegidir.

Häzirki wagtda olary goramak, sanyny köpeltmek boýunça geçirilýän işler öz gowy netijelerini berýär. Tokaýdaky ösýän ösümlikleriň ýapraklary, gülleri, miweleridir-kökleri bu ýerde ýaşaýan haýwanat faunasynyň, mör-möjekleriň esasy iýmit düzümi bolup hyzmat edýär. Goraghanada ýaşaýan guşlardan esasan-da Amyderýa sülgünini, balykçy bürgüdi, gyzgylt we buýraly gotany, gara ördegi, uzynguýruk garaguşy, hüwini, gulatyny, guba gazy we beýlekileri belläp geçmek bolar. Goraghananyň çäginde süýdemdirijilerden gunduz, garagulak, tokaý suguny, torsuk, ýekegapan, sähra pişigi, şagal, keýik, towşan, oklykirpi ýaly haýwanlara duş gelmek bolýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýokary gurluşly ösümlikleriň 227 görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde goraghananyň sähralyk meýdanlarynda dürli ösümlikleriň 125 görnüşiniň bardygy kesgitlenildi.

Şolaryň arasynda sähralyklarda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 15-si duş gelýär. Tokaý zolaklarynda ösümlikleriň 86 görnüşi gabat gelip, şolaryň 30-dan gowrak görnüşiniň dermanlyk ösümliklerdigi anyklanyldy. Esasan hem bu ýerde toraňňy, petde, igde, jungar söwüdi ýaly agaçlar agdyklyk edýär. Ýylgyn, çemiş, buýan, hyşa, adaty gamyş bilen gurşalyp alnan, agaçlar bilen ýanaşyk geçmesi kyn jeňňellikler tokaý haýwanlarynyň esasy ýaşaýan ýerini, sözüň doly manysynda ýaşaýan tebigy öýüni emele getirýär. Amyderýanyň kenaryndaky tokaýlyklarda halk lukmançylygynda gadymdan bäri peýdalanylyp gelinýän dermanlyk ösümlikleriň 35 görnüşi hasaba alnandyr. Goraghananyň ylmy işgärleri seýrek duş gelýän ösümlikleri gorap saklamak we köpeltmek boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty durmuşa ornaşdyrmakda, tebigata aýawly göz bilen garap, onuň gözelliklerini gorap saklamakda goraghananyň işgärleri tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Geçirilýän işleriň ählisi tebigatyň ajaýyp peşgeşi — sebitiň ekologik abadançylygyna gönükdirilendir.