24.02.2026
3794
Türkmenistan – Gruziýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.
24.02.2026
3196
Hytaý kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň abraýly wekiliýeti Aşgabada geldi. Myhmanlar saparyň dowamynda türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşdylar we Hytaýyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar.
24.02.2026
3025
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň geljegi uly ylmy işleri
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky täze «ýaşyl» ykdysadyýetiň we ýokary tehnologiýanyň hereketlendiriji güýji bolmaly özboluşly ylmy işlere resmi taýdan hukuk gazandy.
24.02.2026
3766
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan resminamalar kabul edilip başlandy.
24.02.2026
4027
Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi
«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan breýn-ring intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.
24.02.2026
7446
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde 13 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçileri öz çykyşlaryny ajaýyp üstünlik bilen tamamladylar.
24.02.2026
4142
Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
24.02.2026
5785
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Lebap welaýatynda
Gadymy hem-de müdimi türkmen halkynyň asyrlaryň aňyrsyndan gaýdýan nusgalyk dünýäsiniň nesillere geçiren iň naýbaşy milli mirasynyň biri bolan ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna, milletiň mertebesine öwrülip dünýä çykýar. Onuň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň atşynaslyk baradaky ata-babalarymyzyň seýisçilik däbinden başlanýan dürdäne paýhasly beýik taglymaty dur.
24.02.2026
3793
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Zimbabweniň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen, Türkmenistanyň we Zimbabweniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen, Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.02.2026
4834
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.