20-nji fewralda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy görnükli şotland şahyry Robert Býornsyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Dünýäniň ähli künjeginde «Býornsyň gijesi» (Burns Night) resmi taýdan 25-nji ýanwarda (1759-njy ýylda Alloueý obasynda dünýä inen şahyryň doglan gününde) bellenilse-de, onuň hormatyna guralýan baýramçylyk agşamlary fewral aýyna çenli dowam edýär.
Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Agşamyň resmi bölegini Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow açdylar. Giriş sözlerinde ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda konstruktiw hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Taraplar şeýle duşuşyklaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde «medeni diplomatiýanyň» netijeli guraly hökmündäki aýratyn ornuny bellediler.
Şotland baýramçylygynyň ruhy Býornsyň nusgawy şygyrlary we joşgunly «Keýli» (ceilidh) tanslary arkaly beýan edildi. Agşamyň esasy wakasy bolsa «Haggis» tagamynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şahyryň öz meşhur odalarynyň birini bagyşlap, şotland ruhunyň we agzybirliginiň nyşany hökmünde wasp eden bu meşhur tagamy, myhmanlar üçin Birleşen Patyşalygyň taryhyna we däp-dessurlaryna özboluşly syýahat boldy.
Baýramçylyk agşamy ilçihanasynyň medeniýetara gatnaşyklary ösdürmekdäki işjeň ornuny ýene bir gezek nygtady. Däp-dessurlary yzygiderli alyşmagy jemgyýetçiligi britan medeniýeti bilen tanyşdyrmaga hem-de Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň binýady bolan özara ynamly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýär.