Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde 13 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçileri öz çykyşlaryny ajaýyp üstünlik bilen tamamladylar.
Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) hünär derejesine eýe bolan we 2027-nji ýylyň «Wimbledon» hem-de «Australian Open» ýetginjekler ýaryşlaryna saýlama tapgyrlarynyň biri bolup durýan iki hepdelik «ITF Asia 14&U Development Championships» bäsleşiginiň jemleri boýunça ildeşlerimiz ýekelikde we jübütleýin ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna iki gezek göterilmegi başardylar.

Ýekelikdäki ýaryşlarda Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa altyn medalyň ikisini eýeledi. Tälimçiler Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiýniň şägirdi birinji hepdedäki final duşuşygynda Iordaniýanyň wekili Aýasofiýa Gokaşaudan 0:6, 6:1, 6:3 hasabynda üstün çykdy. Ýaryşyň ikinji hepdesinde ol Taliýa Al-Armutini (Iordaniýa) 6:2, 6:0 we Mariam Kamareddineni (Liwan) 6:3, 6:2 hasabynda ýeňip, ýene-de finala çykdy we aýgytly oýunda iordaniýaly tennisçi Aýasofiýa Gokaşauny 6:3, 6:2 hasabynda utdy.

Näzli «Jahan» döredijilik merkeziniň wekili, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň we Ýuriý Rogusskiýniň ýolbaşçylygynda tälim alýan Sülgün Işangulyýewa bilen jübütleýin ýaryşlarda hem uly üstünlik gazandy. Birinji hepdedäki finalda Näzli bilen Sülgün liwanly tennisçiler Mariýa El Haçaçeni we Mariam Kamareddineni 6:3, 7:5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Çempionatyň ikinji hepdesinde türkmen jübüti ýarym finalda Jana Hakim we Fatima Albaajari (Saud Arabystany) 6:2, 6:2 hasabynda, 1-nji orun ugrundaky aýgytly duşuşykda bolsa Mariam Kamareddine / Mariýa El Haçaçe (Liwan) jübütini 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdiler.
Şeýlelikde, iki hepdelik ýaryşlar tapgyrynyň doly çempiony bolan we jemi dört altyn medaly eýelän Näzli Hudaýgulyýewa özüniň öňdebaryjy derejesini resmi taýdan tassyklady we Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu günki günde 13 ýaşly tennisçimiz 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasyndaky Aziýa ýetginjekler görkezijisinde 9-njy orny eýeleýär.

14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky 2026-njy ýylyň Aziýa çempionaty (ITF Asia 14&U Development Championships) abraýly sebit ýaryşy bolup, ol Kamboja (Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýa) hem-de Bahreýn (Günbatar we Merkezi Aziýa) saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar. Iň ökde türgenler Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş ederler we onuň netijeleri boýunça 2027-nji ýylyň «Wimbledon» hem-de «Australian Open» ýetginjekler ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ýollanmalar ugrunda bäsleşerler.
Türkmen tennisçileriniň Manamadaky bu üstünligi ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijeliliginiň, şeýle hem milli tennis mekdebiniň ýokary mümkinçilikleriniň nobatdaky subutnamasydyr.