18.02.2026
4073
Gündogar rowaýatlarynyň we rus ertekileriniň simfoniýasy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň «Simfoniki suratlar» atly konserti uly üstünlik gazandy.
18.02.2026
5539
2026-njy ýylda Saraýewoda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen hokkeýçileri ýarym finala çykdylar
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeýçiler ýygyndysy Saraýewo şäherinde (Bosniýa we Gersegowina) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 27-nji dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň «B» toparçasynda ýarym finala çykmagy başardy.
18.02.2026
4759
Talyplaryň arasynda geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär
Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek geodeziýa boýunça V internet-olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar.
18.02.2026
7606
«Bedew Jeans» – halkara derejeli türkmen hili
Türkmenistanyň ýokary hilli «Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri aýratyn tanyşdyrylyşa mätäç däl.
18.02.2026
5134
Oksana Domenti (BSGG): – Türkmenistan ählumumy lukmançylyk diplomatiýasynyň işjeň gatnaşyjysydyr
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda öz işine başlan «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
18.02.2026
3474
Wladimir Morozow (MDHGI): – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edýän abraýly derejedir
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty geçirilýär. Şeýle giň gerimli forumyň guralmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
18.02.2026
6350
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar
2026-njy ýylyň 14 – 16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.
18.02.2026
3898
Halkara zenanlar gününe sazly sowgatlar
Şu günlerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri zenanlarymyz üçin aýdym-sazly konsertleri we çykyşlary taýýarlaýarlar. «Melodiýa» orkestri hem paýtagtymyzyň zenanlary we Aşgabadyň myhmanlary üçin Halkara zenanlar güni mynasybetli «Onuň sesinde nur bar» atly konsert maksatnamasyny hödürleýär.
18.02.2026
5158
Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi: «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy
2026-njy ýylyň 10 – 13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy.
18.02.2026
8898
Kriştianu Ronaldu «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar
«Altyn top» baýragyna bäş gezek mynasyp bolan Kriştianu Ronaldu 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna gatnaşar diýlip çak edilýär. Bu barada daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar.