Ï Talyplaryň arasynda geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň arasynda geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär

view-icon 133
Talyplaryň arasynda geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek geodeziýa boýunça V internet-olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar.

Oba hojalyk institutynyň meliorasiýa fakulteti tarapyndan guralýan bu bäsleşik 16-njy aprelde geçiriler. Oňa gatnaşmaga dürli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alýan ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden olimpiada bäşden köp bolmadyk talyp gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşjaklar üçin 50 sowaldan ybarat test taýýarlanyldy. Testi ýerine ýetirmäge 100 minut wagt berilýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça has köp utuk toplan talyplar onuň ýeňijileri diýlip yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri şahsy we toparlaýyn hasaplarda jemlener. Olimpiadada I, II we III orunlary eýelän talyplar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşikde çykyş etmek isleýän ýokary okuw mekdepler 1-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna gatnaşjaklardan ybarat topar hem-de onuň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary  elektron salgysyna ibermelidirler.

Olimpiadanyň düzgünleri bilen institutyň resmi  saýtynda tanşyp bolar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99362733905; +99364264160.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda hünär ugurly olimpiadalar we bäsleşikler TOHI-de yzygiderli geçirilýär. Intellektual gözden geçirilişler talyplaryň zehinlerini we hünär başarnyklaryny, olaryň möhüm ylmy we amaly wezipeleri seljermek we çözmek, özbaşdak işlerini alyp barmak ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Talyplaryň bäsleşikleri olaryň bilim, hünär taýdan taýýarlyk derejesine baha bermäge mümkinçilik berýär hem-de ýaşlaryň döredijilik we ylmy işjeňligini artdyrmak üçin netijeli gural bolup durýar.