Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Indoneziýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemirat ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Rolliansýah Soemiraty Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşup, Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Indoneziýa Respublikasynyň wekili hökmünde ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Prabowo Subianto,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.