Ï Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar

view-icon 87

Milli buýsanjymyz, halkymyzyň gymmatly mirasy, Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewi häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, döredijilikli ösüş kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

13-nji fewralda Mejlisiň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça geçen ýylyň jemleri jemlenildi, täze meýilnamalar hem-de uzak möhletli wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ugruň strategik maksatlara ýetmekde hemmetaraplaýyn häsiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr. Bu maksatlar ýurdumyzyň innowasion ösüşini üpjün etmekden, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerini jemläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. “Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini, möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berlendigini, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilendigini aýtdy. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda: “Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip belledi. Öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralarynyň, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. “Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we Stomatologiýa merkezi ulanmaga berler. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar. Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açylar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada çözgütleri kabul etdi hem-de birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Perman, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda, 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek hakynda, atçylyk we sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda, şeýle hem 3 million saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallaryny ekmek hakynda Kararlar we şu ýylda iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna we ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmek hakynda Buýruk bar.

Mejlisde 2025-nji ýylda ýurduň iň gowy etrabyny kesgitlemek boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşik yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra, hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, olara döwrebap awtoulaglar sowgat berildi.

Synymyzy dowam etmek bilen, 9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine ýerleri we tohumlary talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli tabşyryklary berdi. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada-da tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine, türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisinde Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda çalt depginler bilen ösýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri, ägirt uly senagat kärhanalary bar.

Serginiň diwarlyklarynda senagat we maşyn gurluşygy, gurluşyk, energetika pudaklarynda, oba hojalyk toplumynda, azyk senagatynda, himiýa senagatynda, logistika, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda türkiýeli hyzmatdaşlaryň gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary görkezildi. Serginiň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň işewürlik duşuşyklary geçirildi. Türk kompaniýalarynyň wekilleri öndürýän enjamlary bilen işlejek türkmen hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de işgärleri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselesine garaldy.

11-nji fewralda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu wakanyň öňüsyrasynda bu ýerde iki sany metbugat maslahaty guraldy. Olaryň birinjisi “Arkadag” futbol topary — türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy” ady bilen, ikinjisi bolsa “Arkadag” hem-de “Al-Nassr” futbol toparlarynyň tälimçileriniň we futbolçylarynyň gatnaşmagynda boldy. Bilermenler nobatdaky duşuşygy dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler. Meşhur ýyldyz oýunçylary düzüminde jemleýän topar bilen geçirilen oýun ýurdumyzyň futbolçylary üçin diňe bir güýç synanyşygy bolman, eýsem, türkmen futbolyny yklym derejesinde tanatmaga-da mümkinçilik berer. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça ulgamlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi, sportuň parahatçylygyň ilçisi hökmünde ornuny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Diňe bir eminiň jürlewük çalmagy däl, eýsem, sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynda sport alawynyň ýakylmagy hem oýnuň başlanandygyny alamatlandyrdy. Meýdançada dartgynly hem-de täsirli göreş duşuşygyň iň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Oýun myhman toparyň peýdasyna 0:1 hasabynda tamamlandy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň: “Eger futbolçylarymyz utulan ýagdaýynda hem bu bäsleşik biziň halkymyz üçin toý-baýrama öwrüler, türgenlerimiz bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtylar” diýen sözleri aýratyn bellärliklidir.

Şu günler ýurdumyzda 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Milli saýlaw kanunçylygyna, tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri, raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlawlarda giň wekilçilik ýörelgesiniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy özgertmeleriň esasynda ynamly ösüş ýolunda öňe barýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygary bolsa täze üstünliklerde, giň gerimli özgertmeleriň anyk netijelerinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, onuň dünýä giňişligindäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.