02.09.2026
2568
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirilýär.
02.09.2026
2745
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
02.09.2026
3013
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: -Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy
1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.
02.09.2026
2599
Türkmenistanda «Pearson Certiport» halkara synag merkezi açyldy
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gatnaşmagynda institutda «Pearson Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň döredilendigi baradaky güwänama gowşuryldy.
02.09.2026
2637
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.09.2026
3252
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
01.09.2026
2467
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Sizi we mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
01.09.2026
2813
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.
01.09.2026
1669
A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde 186 sany birinji synp okuwçysy üçin ilkinji jaň kakyldy
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdepde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
01.09.2026
1679
Täze okuw ýylyna täze binalar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamy hem taryhy wakalara beslenýär.