Ï Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

view-icon 115
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta, ýörite orta hem-de ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

Geçirilen dabaralarda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara hem-de ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.

Häzirki wagtda ýaş nesliň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Diýarymyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Gökdepe etrabynda bina edilen orta mekdep çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýär. Mekdebiň okuw otaglary häzirki zaman multimedia enjamlary, kompýuter otaglary bilen üpjün edilendir. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet derslerini özleşdirmekleri babatda zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň bolmagy ýaş nesliň diňe bir aň-bilim babatda däl, eýsem, beden taýdan kämil kemala gelmekleri babatda-da uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Tejen etrabynda döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy Bilimler we talyp ýaşlar gününde etrabyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly baglar oturdylypdyr.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabara gatnaşyjylar döwrebap binada ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Farap hem-de Çärjew etraplarynda 2 sany orta mekdebiň açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, bu mekdeplerde hem ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilendir.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Welaýatlaryň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabaralarynyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatlaryň ýaşaýjylary täze bilim edaralarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.