Ï Täze okuw ýylyna täze binalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylyna täze binalar

view-icon 291
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar
Täze okuw ýylyna täze binalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamy hem taryhy wakalara beslenýär. Häzirki wagtda Garaşsyz Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, häzirkizaman innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply dörediji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Onuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde medeni-durmuş ulgamyna degişli dürli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, mugallymlara usuly kömek bermek maksady bilen alnyp barlan işler özüniň aýdyň netijelerini berýär.

Bu bolsa ata Watanymyzda bilim syýasatyny durmuşa geçirmeklik üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly bellenilýän täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda umumybilim berýän 600 orunlyk 24-nji hem-de Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 okuwça niýetlenen 28-nji mekdepleriň täze döwrebap binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Okuw ýylynyň ilkinji gününi goşa baýramçylyga öwren bu açylyş dabaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlaryny, eşretli zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlaryň ýaňlanmagy, açylyş dabaralaryna gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim işgärleriniň, ata-eneleriň buýsançly çykyşlary bilim ulgamyna goýýan belent sarpasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize alkyşlary bilen utgaşdy. Soňra dabara gatnaşyjylar täze mekdep binalarynda ýaş nesilleriň okamaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Welaýatyň Farap we Çärjew etraplaryndaky döwrebap orta mekdepleriň gurluşygy degişlilikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Bäş nur» hem-de «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze bilim ojaklarynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklyga ähli şertler döredilipdir. Mekdepleriň ikisinde hem döwrebap synp otaglary, şol sanda lingafon, kompýuter, zähmet, aýdym-saz we surat hem-de beýleki okuw dersleri üçin ýöriteleşdirilen otaglar döredilipdir. Bu otaglaryň döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilendigini belläp geçmek wajypdyr. Mekdepde sportuň dürli görnüşlerine, şol sanda basketbol, futbol we woleýbol oýunlaryna niýetlenen meýdançalaryň, ýörite türgenleşik otaglarynyň bolmaklygy mekdep okuwçylarynyň sport bilen meşgullanmaklaryna, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklaryna giň ýol açýar.

Mekdeplerde ýörite enjamlar bilen abzallaşdyrylan naharhanalaryň hereket etmekleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Täze mekdep binalarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilim ojaklaryna aýratyn gözellik çaýýar. Täze mekdep binalarynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji sapaklar geçildi. Mekdep bosagasyndan ilkinji sapar ätleýän körpelere bolsa hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň sowgady bolan öz ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze mekdep binalary gutly bolsun, eziz ýaşlar!