1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdepde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Şu ýyl mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek 186 sany birinji synp okuwçysy gadam basdy.
Baýramçylyk çäresi däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem iki dostlukly döwletiň Döwlet baýdaklarynyň dabaraly ýagdaýda çykarylmagy bilen başlandy.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde çagalar döredijilik toparlarynyň we çeper okaýyş bilen çykyş edýän okuwçylaryň çykyşlary boldy. Medeni maksatnamanyň özboluşly täsirli pursady okuwçylaryň bilelikdäki saz çykyşy bolup, onda milli saz gurallary – türkmen dutarynyň we rus balalaýkasynyň owazy sazlaşykly bir kompozisiýada utgaşdyryldy.

Okuwçylara, mugallymlara we ene-atalara gutlag sözi bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň uly geňeşçisi Stanislaw Spal ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň gutlagyny okady. Rus diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy öz ýüzlenmesinde durmuşynyň täze tapgyryna gadam basýan birinji synp okuwçylaryna aýratyn hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

– Biziň döwrümizde sanly dünýäniň tehnologiýalaryny, emeli aňy özleşdirmek bilen bir hatarda, öz şahsy aýratynlygyňyzy saklamak hem möhümdir. Mekdep maksatnamasynyň her bir dersi täze zatlary öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu ýerde size paýhasly halypalaryň we wepaly dostlaryň garaşýandygy möhümdir. Geljek akylly, bilimli, işjeň we biparh bolmadyk adamlaryň, bilimleri höwes bilen özleşdirýän, hemişe täzelige ymtylýan we öz Watanyna peýda getirmek isleýän adamlaryňkydyr – diýip, diplomat öz ýüzlenmesinde nygtady.
Dabaraly çäre däp bolan ilkinji jaňyň kakylyşy bilen tamamlandy. Ol mekdebiň ähli okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.