30.05.2025
3173
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň aýdyň geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň hakydasynda ýakymly ýatlamalar hökmünde ömürlik galjakdygyna berk ynanýaryn.
30.05.2025
4246
“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
30.05.2025
3279
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada daşary söwda statistikasy boýunça tejribe alyşýar
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Merkezi bankynyň we Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerinden ybarat wekiliýet Gazagystana iş sapary bilen gitdi.
30.05.2025
3723
Aşgabatda biotehnologiýanyň innowasion mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Biotehnologiýa geljegi uly pudakdyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
30.05.2025
2888
Lukmançylyk ylmynyň talyplary iňlis dilinde gepleşik endiklerini ösdürýärler
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde lukmançylyk hünärli talyplar üçin iňlis dili boýunça okuw geçirdi.
30.05.2025
3485
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
29-30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar gününe hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny» atly onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
30.05.2025
3741
Astrahan şäherinde «Suw ulagy ugrunda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulagy meseleleriniň häzirki zaman çözgütlerine we «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
30.05.2025
4136
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
29.05.2025
3908
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
29.05.2025
11451
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: