Ï Tokioda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokioda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

view-icon 2776
Tokioda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirildi hem-de ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp türkmen milli tagamlary hödür edildi.