Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 29-njy iýulda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan «Ýaşlaryň howa, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşiklere gatnaşmagy: ÝHHG-niň öňdebaryjy tejribesi» atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 30-dan gowrak ýaş lider-talyplaryny bir ýere jemledi.
Okuw maslahatyň dowamynda ýaş liderler howpsuzlygy guramaga toplumlaýyn çemeleşmegiň çäklerinde ÝHHG-niň ekologiýa başlangyçlary bilen tanyşdylar, şeýle hem gender ugurlarynyň deňlige we köptaraplylyga ýardam etmek boýunça ÝHHG-niň strategik gün tertibine ýakynlaşmagyna degişli meselelere giňişleýin garadylar.
Merkezi Aziýanyň «Ýaş zenanlar parahatçylyk ugrunda» atly ÝHHG-niň maksatnamasynyň finalçylary okuw maslahatynyň alyp baryjylary bolup çykyş etdiler. Olar çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde howa, suw serişdeleri we howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşiklerde ýaşlaryň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşyp, ählumumy hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň wekilleriniň pikiriniň wajypdygyny nygtadylar.
Talyplar ählumumy gepleşiklerde howanyň, suwuň we howpsuzlygyň arasyndaky özara baglanyşyklyga seljerme berdiler hem-de howa we howpsuzlyk meseleleri boýunça diplomatiýa işjeň gatnaşmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler. Gepleşikleri alyp barmak başarnyklaryna bagyşlanylan mejlisiň çäklerinde olar anyk gurallar, teklipler hem-de üstünlikli iş-tejribeleriň mysallary bilen tanyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ýaşlaryň Beýannamasynyň taslamasyny işläp taýýarladylar, ol howa boýunça howpsuzlyk, gender deňligi we sebitleýin hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar. Bu resminama COP30-a niýetlenilip, Ýaşlaryň Milli beýannamasyna girizmek üçin taýýarlanylar. Bu bolsa ýaşlara howa we howpsuzlyk boýunça ählumumy gün tertibine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berer.
Çäre Ýaşlaryň tomusky ÝUNISEF-2025 howa boýunça mekdebine gatnaşýan ýaşlaryň wekillerinde diplomatik gatnaşyklary hem-de gepleşikleri alyp barmak başarnyklaryny kemala getirmäge ýardam bermek maksady bilen geçirildi.