10.11.2024
4363
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
09.11.2024
7815
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
09.11.2024
3502
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynyň Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
09.11.2024
6388
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
09.11.2024
4825
«Hasyl – berekediň gözbaşy»
Şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň gatnaşmagynda Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi.
09.11.2024
5522
Samboçy türkmen gyzlar Astanada başlanan dünýä çempionatynda iki sany bürünç medal gazandy
Samboçy türkmen gyzlar Astanada (Gazagystanda) başlanan dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki sany bürünç medal gazandylar.
09.11.2024
3715
DÖM-iň Türkmenistanly ýaş ilçisi Çernogoriýada geçirilen çärä gatnaşdy
Durnukly ösüş maksatlarynyň türkmenistanly ýaş ilçisi Serwi Nuryýewa 6–8-nji noýabrda Budwa şäherinde (Çernogoriýa) geçen «Durnuklylyga barýan ýol: Çagalar we ýaşlar hereketde» atly ýörite çärä gatnaşdy.
09.11.2024
4132
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen HTF konferensiýasynda tälimçilik derejelerini ýokarlandyrdylar
Türkmen tennisçileri Maral Ahmedowa we Nazar Dowmatow Manamada geçen Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tälimçileri üçin sebit konferensiýasyna gatnaşdy.
08.11.2024
6230
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
08.11.2024
4934
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.