Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk» diýen tema boýunça okuw maslahatyny geçirdi.
Okuw maslahaty türkmen ýokary okuw mekdebiniň Maglumat tehnologiýalar merkeziniň maslahat zalynda uniwersitetiň rektorynyň, sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Ahmed Al-haý Hamad Hamis Al-Hameli çykyşynda ylym-bilim ulgamyna emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öz ýurdyndaky tejribeler barada giňişleýin gürrüň berip, BAE-de emeli aň babatda okatmagyň irki ýaşdan, eýýäm orta mekdepde başlanýandygyny nygtady. Şeýle hem, Emirliklerde emeli aň tehnologiýalarynyň sanly tehnologiýalar ulgamlaryna bütin dünýä belli kompaniýalaryň hem-de ýerli kärhanalaryň gatnaşmagynda nebitgaz we energetika ulgamlaryna ýokary depginlerde üstünlikli we netijeli ornaşdyrylýanlygy bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar sanly tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň we BAE-niň hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap ilçi BAE-niň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrdy hem-de ylym we bilim ulgamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Soňra uniwersitetiň mugallymlary we talyplary hormatly myhmana okuw maslahat boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler.
Maslahatyň ahyrynda ilçi bu ýere ýygnananlaryň hemmesine hoşallyk bildirdi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Uniwersitetiň rektory ýokary wezipeli myhmana sapary we mazmunly çykyşy üçin sag bolsun aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň we BAE-niň okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljekde-de ösdüriljekdigine umyt bildirdi.